2023-nji ýy­lyň 16-njy iýu­ny­na çen­li Ka­na­da­nyň umu­my ila­ty 40 mil­li­on­dan geç­di. Bu ba­ra­da Ka­na­da­nyň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Ýur­duň ila­ty hä­zir­ki wagt­da re­kord de­re­je­de ös­ýär. 2022-nji ýyl­da ka­na­da­ly­la­ryň umu­my sa­ny 1 050 110 adam art­dy. Şeý­le­lik bi­len, Ka­na­da­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir ýyl­da ilat 1 mil­li­on­dan gow­rak adam kö­pel­di. 2022-nji ýyl­da ila­tyň ösüş dep­gi­ni 2,7 gö­te­ri­me ýet­di.
Mil­li sta­tis­ti­ka gul­lu­gy­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 1950-nji ýyl­lar­da ha­sa­ba al­nan öň­ki ösüş dep­gi­ni, esa­san, uruş­dan soň­ky dö­wür­de dog­luş de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan bol­sa, 2022-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nan ösü­şiň hem­me­si di­ýen ýa­ly hal­ka­ra mig­ra­si­ýa­sy se­bäp­li bol­dy.
Sta­tis­ti­ka gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ka­na­da ila­tyň kö­pel­me­gi bo­ýun­ça G7 ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öň­de­ba­ry­jy­dyr we soň­ky iki on­ýyl­lyk­da bu sta­tu­sy­ny sak­lap gel­ýär.
Öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da ösüş dep­gi­ni üýt­gew­siz gal­sa, Ka­na­da­nyň umu­my ila­ty 26 ýyl­da iki es­se ar­typ bi­ler di­ýip, Mil­li sta­tis­ti­ka gul­lu­gyn­da aýt­dy­lar.
Ka­na­da­nyň hö­kü­me­ti 2025-nji ýyl­dan baş­lap her ýyl 500 müň im­mig­ran­ty ka­bul et­mä­ge ga­raş­ýar. 2023-nji ýyl­da ýur­duň hä­ki­mi­ýet­le­ri im­mig­rant­la­ra gi­riş rug­sat­la­ry­nyň sa­ny­ny 465 mü­ňe, 2024-nji ýyl­da 485 mü­ňe, 2025-nji ýyl­da bol­sa mig­ra­si­ýa kwo­ta­sy­ny 500 müň ada­ma çen­li art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.