“Counterpoint” seljeriş kompaniýasynyň hasabyna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da elektromobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 79% ýokarlandy, bu hem ABŞ-a Germaniýadan öňe geçip, dünýäde ululygy boýunça ikinji elektrikleşdirilen awtomobilleriň (nusgawy elektromobiller we birikdirilýän gibridler) bazaryna öwrülmäge mümkinçilik berdi. Elektromobil satuwy boýunça ABŞ-dan diňe Hytaý öňde barýar.
“Counterpoint” kompaniýasynyň pikiriçe, elektromobiller üçin salgyt ýeňillikleri satuwy ýokarlandyrmakda uly rol oýnady we, umuman, ABŞ-nyň awtomobil pudagyna kömek etdi. Bu çärýekde “Tesla”-nyň paýyna elektromobil satuwynyň 62,7%-i düşdi, üstesine-de “Model Y” we “Model 3” modelleriniň ikisi-de birinji orny eýeledi.