USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslarynyň Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň 15-nji “A” jaýynda ýerleşýän okuw binasynda geçirilýändigini we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär
Maksatnamanyň çäklerinde IT ulgamyna degişli bolan şu aşakdaky ugurlar boýunça tölegsiz alty aýlyk kurslar guralar we geçiriler:
• IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak
• Grafiki dizaýny
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» görnüşinde «doly çümmek» bilen intensiw kursuny öz içine alýar. USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) bu maksatnamany Mary şäherindäki “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýär.
Okuwlaryň dowamlylygy: 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli.
Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Gatnaşmak üçin şu baglanyşykdaky hasaba alyş anketany 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 3-ne sagat 13:00-a çenli doldurmaly:
https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSctMAMnmjf27p9CkUgmwdIOWgoNUtswhY8MUmN2dEtxqhUWKA/viewform