19-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
B.Mätiýew Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işleriniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşykda türkmen-slowakiýa gatnaşyklarynyň häzirki ikitaraplaýyn gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belländigi bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça bilelikdäki işlerine ünsi çekdi.
Diplomatlar iki döwletiň köptaraplaýyn formatda, hususan-da BMG-de, taraplaryň öňe süren halkara tekliplerine we başlangyçlaryna özara goldaw berýän netijeli hereketlerini bellediler.
Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi. Bu nukdaýnazardan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de iki ýurduň telekeçileriniň özara saparlaryny guramak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde Türkmenistanyň we Slowakiýa Respublikasynyň Medeniýet günlerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen sergileri we beýleki çäreleri geçirmek teklip edildi. Şeýle hem bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.