Hindistanly arheologlar ýaşy 2300 ýyl töweregi bolan pil heýkelini tapdylar. Tapylan heýkel beýikligi, takmynan, 1 metr bolup, daşdan oýulyp ýasalypdyr. – Biz Daýýa derýasynyň jülgesinde barlag geçirdik. Bu ýer gülläp ösen gadymy buddaçylygyň eserlerine baý – diýip, ekspedisiýanyň agzasy, arheolog Anil Dhir aýtdy.