Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde “Gelejegiň energiýasy” şygary astynda EKSPO-2017 bütindünýä sergisi başlady. Onuň açylyş dabarasyna köp sanly ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidenti hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmenistan “Astana EKSPO–2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyp, halkara forumyň çäklerindäki iň uly diwarlyga eýedir. Türkmenistanyň “Tebigat – energiýanyň egsilmez çeşmesi” atly milli ekspozisiýasy halkara serginiň baş şygary bilen utgaşyp gidýär. Onuň eýeleýän meýdany 1 müň inedördül metre deňdir. Ýurdumyzyň diwarlygy Gruziýanyň, Özbegistanyň hem-de Angolanyň diwarlyklaryna goňşy bolup durýar.
Gazagystandaky EKSPO sergisi 10-njy iýun – 10-njy sentýabr aralygynda geçirilýär. Bütindünýä EKSPO sergisi iri halkara sergisi bolup, ol täze ylmy-tehniki gazananlaryň görkezilmegine şert döredýär. Köpugurly EKSPO sergisi özüniň göwrümi boýunça Olimpiýa oýunlary bilen deňelýär. Bu ýerde dünýäniň ençeme ýurdy öz diwarlygyny açyp, milli ykdysadyýetindäki gazananlaryny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, 1851-nji ýylyň 1-nji maýy – 15-nji oktýabry aralygynda şazada Albertiň başlangyjy boýunça London şäheriniň Gaýd-park seýilgähinde ilkinji senagat işleriniň beýik sergisi geçirilipdi. Şol sergä 6 milliona golaý adam gelipdi we ol guraýjylara oňat girdeji gazanmaga mümkinçilik döredipdi.
Şondan soňra bütindünýä sergilerini geçirmek başlangyjyna fransuzlar eýe boldy. 1855-nji ýylda geçirilen halkara sergisinden soňra ol yzygiderli geçirilip başlandy. 1928-nji ýylda Halkara sergiler edarasy döredildi we halkara derejesindäki sergileri guraýan bu edara 100-den gowrak ýurt agza bolup durýar. Bütindünýä sergileri täze oýlap tapmalar bilen tanyşmaklyk üçin oňat mümkinçilikleri döredýär. 1862-nji ýylda Londonda geçirilen sergide ilkinji tikin maşyny görkezilipdi. 1876-njy ýylda ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde geçirilen bütindünýä sergisinde bolsa, ilkinji telefon enjamy halk köpçüligine ýetirilipdi. 1889-njy ýylda bütindünýä sergisi üçin Pariž şäherinde Eýfel diňi guruldy.
1941-45-nji ýyllaryň urşundan soňra serginiň guraýjylary diňe tehnologiýa ulgamynda gazanylan üstünliklere ähmiýet bermek bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejesindäki meselelere hem üns berip başladylar. Olaryň hatarynda ekologiýa, energetika, urbanizasiýa we beýlekiler bar.
Häzirki zaman EKSPO sergisi senagatlaşmanyň nyşanyna öwrülip, ýurtlaryň dürli ugurlardaky gazanýan üstünliklerini açyp görkezmekde açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Oňa her gezek millionlarça adam gatnaşýar. EKSPO sergileri 5 ýyldan bir gezek geçirilýär. Iri sergileriň arasynda ýöriteleşdirilen sergiler hem geçirilýär. Soňky gezek halkara derejesindäki sergi 2015-nji ýylda Milan şäherinde geçirilipdi.
Häzirki wagtda dowam edýän Astana şäherindäki EKSPO sergisine 115 döwlet we 22 halkara gurama gatnaşýar. Bu sergini guramak üçin 1,3 milliard dollar sarp ediler. Bu barada “Astana EKSPO-2017” milli kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmetžan Esimow habar berdi.