Hytaýyň CRRC kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ýeňil otlyny Argentina eksport etdi. Gün energiýasy bilen işleýän otly ýurduň And daglarynyň etegindäki Umauaka şäherinde ulanylar. Uly bolmadyk bu şäherdäki taryhy ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir. Hytaýyň ýokary tizlikli otlularyny öndürýän “CRRC Corporation Limited” argentin bazary üçin ilkinji otlyny işläp taýýarlady. Bu otlynyň sagatdaky tizligi 60 kilometre ýetýär. Otly 72-den 388-e çenli aralykda ýolagçy orunlyk bolup, batareýa bilen işleýär.
Argentina güneşli ýurt bolup, bu ýerde Gün şöhlesinden elektrik energiýasyny almak üçin uly mümkinçilik bar. Otlynyň Gün bekedinden alnan energiýa bilen zarýad aljakdygy mälim edildi.
Ýeri gelende bellesek, hytaý kompaniýalary, esasan, Günorta Amerika ýurtlary üçin elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslary öndürýär. Adatça otly, awtobus we gämi ýaly jemgyýetçilik ulaglarynyň arassa energiýa bilen işlemegi daşky gurşaw üçin adaty eletroulaglardan has peýdaly hasaplanýar. Sebäbi, elektroulaglar az orunlyk bolup, adatça şahsy işler üçin peýdalanýandygy üçin köp ýol geçilmeýär. Emma jemgyýetçilik ulaglary günüň dowamynda ýüzlerçe ýolagçyny gatnadyp, yzygiderli gatnawy amala aşyrýar.
Şirin Ahmedowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









