Elektrik energiýasy bilen işleýän otly

82

Hy­ta­ýyň CRRC kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýe­ňil ot­ly­ny Ar­gen­ti­na eks­port et­di. Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ot­ly ýur­duň And dag­la­ry­nyň ete­gin­dä­ki Umaua­ka şä­he­rin­de ula­ny­lar. Uly bol­ma­dyk bu şä­her­dä­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­lip­dir. Hy­ta­ýyň ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­la­ry­ny ön­dür­ýän “CRRC Cor­po­ra­ti­on Li­mi­ted” ar­gen­tin ba­za­ry üçin il­kin­ji ot­ly­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. Bu ot­ly­nyň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 60 ki­lo­met­re ýet­ýär. Ot­ly 72-den 388-e çen­li ara­lyk­da ýo­lag­çy orun­lyk bo­lup, ba­ta­re­ýa bi­len iş­le­ýär.
Ar­gen­ti­na gü­neş­li ýurt bo­lup, bu ýer­de Gün şöh­le­sin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak üçin uly müm­kin­çi­lik bar. Ot­ly­nyň Gün be­ke­din­den al­nan ener­gi­ýa bi­len zar­ýad al­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry, esa­san, Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ry üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän aw­to­bus­la­ry ön­dür­ýär. Adat­ça ot­ly, aw­to­bus we gä­mi ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň aras­sa ener­gi­ýa bi­len iş­le­me­gi daş­ky gur­şaw üçin ada­ty elet­rou­lag­lar­dan has peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi, elekt­rou­lag­lar az orun­lyk bo­lup, adat­ça şah­sy iş­ler üçin peý­da­lan­ýan­dy­gy üçin köp ýol ge­çil­me­ýär. Em­ma jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry gü­nüň do­wa­myn­da ýüz­ler­çe ýo­lag­çy­ny gat­na­dyp, yzy­gi­der­li gat­na­wy ama­la aşyr­ýar.
Şi­rin Ah­me­do­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.