Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi. Bu gymmatly sowgadyň gelip gowuşmagy mynasybetli 20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda maslahat geçirildi.
Bu çärä Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam etdi.
Soňky ýyllarda medeniýet we bilim ulgamlarynda türkmen-eýran gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň gatnaşmaklarynda halkara maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy bu ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini görkezýär.
Maslahatyň dowamynda iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda ýygjam gatnaşykda bolandygy, şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berlendigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna sowgat hökmünde “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysyny ibermegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň we goňşy döwletiň ýurdumyza aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhy-medeni we ylmy-edebi geçmişini has çuň öwrenmek, olary wagyz etmek hem-de bu ugur boýunça tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün etdi. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Tähran şäherinde TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki halkyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň we ylmy-barlag gatnaşyklarynyň has-da berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň gelip gowuşmagynyň aýratyn taryhy wakadygyny nygtap, onuň türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň ylmy esasda öwrenilmeginde ähmiýetli boljakdygyny bellediler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi baradaky çykyşlar maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýän döwründe aýratyn ähmiýetlidir. Dabaraly maslahata gatnaşanlar medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şunda nusgawy edebiýatymyza degişli maglumatlaryň toplanylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.