21-nji iýun­da Abu Da­bi­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri Bä­şi­mo­wa An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­nyň (BAE) Baş mü­di­ri Ni­ko­laý Mla­de­now bi­len du­şuş­dy.
Du­şu­şyk­da N.Mla­de­now türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne aka­de­mi­ki iş­le­ri, dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak we yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek ýa­ly he­re­ket­le­ri özün­de bir­leş­dir­ýän bu bi­lim eda­ra­sy­nyň gur­lu­şy hem-de we­zi­pe­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.
Soň­ra du­şu­şyk aka­de­mi­ýa­nyň mu­gal­lym­lar to­pa­ry bi­len gi­ňel­di­len gör­nüş­de do­wam et­di, onuň do­wa­myn­da aka­de­mi­ýa­nyň usu­ly­ýet we okuw me­ýil­na­ma­sy, şol san­da göz­leg, ne­şir, yl­my we ama­ly iş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.
BAE-iň ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de şeý­le hem bi­lim pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Hu­su­san-da, 2022-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň BAE-ne ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çä­gin­de gol çe­ki­len Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­nyň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma esas­la­nyp, iki okuw ja­ýy­nyň mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­re­dil­di.
Mu­nuň bi­len bir­lik­de, ta­rap­lar şu ýy­lyň güý­zün­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, mu­gal­lym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­sy­na okuw sa­pa­ry­ny gu­ra­mak ba­ra­da yla­laş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň BAE sa­pa­ry do­wam ed­ýär.