19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli salamyny we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa sebitinde Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Fransiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Munuň şeýledigine abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlara berilýän özara goldaw aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, fransuz kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine goşan aýratyn goşandyny belledi. Gurluşyk, nebitgaz, aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär. Türkmenistanda milli ykdysadyýeti özgertmek, senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça maksatnamalar kabul edildi we bu ugurda giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Maglumat-tehnologiýalar, nebitgaz, himiýa, azyk senagaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň möhüm orny bellenildi. Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Filipp Merleni ýurdumyzda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, diplomatyň Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine berk ynam bildirdi we türkmen tarapynyň bu ugurda degişli ýardamy bermäge taýýardygyny belledi.
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen ugry dowam etdirjekdigine ynandyrdy.