Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze döwrüniň şamçyragydyr. Ol ýerdäki her bir desga özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Çünki bu desgalarda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, halkymyz baradaky çuňňur aladalary bar. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň täze taryhynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Liderine bolan belent söýgüsiniň, çäksiz ynamynyň dabaralanmasydyr.
Täze şäheriň dabaraly açylyşynyň owazasy dünýä dolar. Ol ýerdäki medeni-durmuş maksatly binalaryň hatarynda sungat mekdepleriniň, medeniýet öýüniň, kitaphananyň, muzeýiň, drama teatrynyň, atçylyk sirkiniň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. «Akylly» şäheriň medeni-durmuş maksatly binalaryny ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşan meşhur şahsyýetlerimiziň atlary bilen atlandyrmak baradaky döwletli çözgüt halypalarymyza goýulýan çuňňur hormat-sarpadan nyşan. Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalardan ybarat bolup, ekologiýa talaplar esasynda gurulýar. Täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän belent üstünlikler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär.
Arkadag şäheri dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny artdyrýar. Golaýda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky Güwänamanyň gowşurylmagy bu täze şäheriň dabarasyny has-da belende göterdi. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamalarynyň möhüm talabydyr. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň arhitektura keşbinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar – döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga bermeginde Arkadag şäherinde eýýäm iki gezek köpçülikleýin bag ekmek çäreleri üstünlikli geçirildi. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamalarynda möhüm talapdyr.
Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasynda göz öňünde tutulan özgertmeler – oňaýly ýaşaýyş şertleri, energiýa serişdeleriniň kadaly üpjünçiligi, häzirki zaman infrastrukturasy, IT ulgam, ulag, saglygy goraýyş, bilim ulgamy ýaly «akylly» şäheriň möhüm pudaklarynyň arabaglanyşygyny üpjün eder.
Arkadag şäheri «akylly» şäherleriň hatarynda mynasyp orun alar. Täze şäher bu ugurdaky geljegiň beýik taslamalarynyň başlangyjy bolar.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.