Musulman dünýäsiniň iň bir mukaddes baýramlarynyň biri hem mübärek Gurban baýramydyr. Ynsanyýetiň Beýik Biribaryň öňündäki lebzi halallygynyň, ýagşy pälliliginiň, köňül tämizliginiň anyk subutnamasyna öwrülen bu baýram ähli musulman dünýäsi üçin iň bir ähmiýetli seneleriň biri hasaplanylýar.
Gurban baýramy ynsanlaryň biri-birine bolan sylag-hormatyny hem-de dost-doganlygyň ýagşy ahlak sypatlaryny has-da jebisleşdirýär. Bu baýramy hoşniýetli gatnaşyklaryň, kalplary ýakynlaşdyrýan ruhy-ahlak tämizliginiň baýramy diýip hem atlandyrmak bolar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, sahawatly topragymyzda Gurban baýramy döwlet derejesinde giňden belleniler. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Gurban baýramy hakynda: «Gündogar hem-de Günbatar halklarynyň medeniýetleriniň, adamzat ösüşine aýgytly täsir eden pelsepewi mekdepleriň döremegine, dini kada-kanunlaryň, dogruçyllyk, päklik, bitewülik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary biziň egsilmez genji-hazynamyzdyr.
Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň döwrümize gelip ýeten bu miras halklary doganlaşdyrýar, parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar» diýip belleýär.
Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Bu mukaddes günlerde gurbanlyk kesilip, aýat-töwir okalýar. Gurbanlygy Gurban baýramynyň birinji güni, ýagny Baýram namazy okalandan soň kesip başlaýarlar. Adatça, gurbanlykda soýuljak mal sagdyn, semiz bolmalydyr. Gurbanlyk malyň eti deň üç bölege bölünýär. Bu bölekleriň biri gurbanlyk berýäniň maşgalasyna, bir bölegi dogan-garyndaşa, galan bir bölegi bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanmaly.
Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýän Magtymguly atamyz öz şygrynda:
Hak ugrunda gurbandyr,
Janym, döwletim, malym –
diýip, bu dünýäde ähli mal-mülküň, genji-käniň Allanyň haky üçin amal eden işleriňde sogabyňa ýazylýandygyny jaýdar belleýär. Şeýle-de, akyldar şahyryň:
Aýyl, aşygym, aýyl,
Mejnun bol, halka ýaýyl,
Halyl ogly Ysmaýyl,
Gurbandadyr-gurbanda –
diýen setirlerinde sogaply amallar dogrusynda pent-nesihat edilýär.
«Gurbanlyk» sözi, aslynda, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar ekenler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar.
Halk arasynda her gurbanlykda täze egin-eşik geýmek adata öwrülip, bu günlerde her bir öýe aýlanyp gurbanlykdan datmak sogap hasaplanylýar.
Bagtyýar günlerde, parahat durmuşda ýaşamaga amatly şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, ähli ildeşlerimiziň berýän sadakalary, gurbanlyklary Beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun!
Muhammetnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.