Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylygy pugtalandyrmaga döwletimiziň mizemez hem özboluşly çemeleşmesidir. Üçünji müňýyllygyň täze taryhy şertlerinde Türkmenistan Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mümkinçiliklerini Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly strategik meýiller bilen utgaşdyrýar. Milli Liderimiz: «Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy, medeni meseleleri birleşdirýän döredijilikli işdir» diýip, örän jaýdar belleýär. Munuň özi onuň parahatçylyk döretmek mümkinçiliginiň geriminiň has giňdigini şertlendirmek bilen, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda alyp barýan işiniň köptaraplaýyn häsiýetini açyp görkezýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlar pikir-garaýşy boýunça düýpgöter tapawutlanýan bolsalar-da, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek düşünjesi olary umumy maksatda birleşdirýär. Adamzat döräli bäri, abadan, asuda ýaşaýşy gazanmagyň baý tejribesi toplandy. Oňa her döwlet, her bir halk öz milli mentalitetidir ileri tutýan gymmatlyklaryna görä, dürli-dürli çemeleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň syýasy erki, tutanýerli we yzygiderli başlangyçlary bilen hut şu aýratynlyk Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň barha belende göterilmeginiň esasy şertine öwrüldi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 2023-nji ýylyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylmagy milli Liderimiziň parahatçylyk döretmek taglymatynyň barha kämilleşýändigini we giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde gojaman taryhdan gelýän türkmen halkynyň döwlet dolandyrmagyň ýollary, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak baradaky ajaýyp maglumatlar dürli durmuşy tymsallaryň üsti bilen beýan edilýär. Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň gadymdan bäri ygrarly ýörelgesidir, şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän döwleti dolandyrmagyň usullary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde alnyp barylýan syýasatyň ýörelgesi bolup durýar. Döwleti dolandyrmagyň usullary, beýik şahsyýetleriň asylly ýol-ýörelgeleri ýurdumyzyň döwletlilik ýörelgesiniň berk bolmagyna getirdi.
Halkara syýasatda we ykdysadyýetde, döwletara gatnaşyklarynda ynanyşmak hem-de parahatçylyk medeniýeti mowzugy ählumumy zerurlyga öwrülýär. Halkara gatnaşyklarynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine eýermekde görelde görkezilip, häzirki wagtda halkara giňişliginde diplomatiýanyň şu ugurlary işjeň ilerledilýär. Bu bolsa köküni geçmişden alan, şu güni kämilleşdirip, geljege beýik miras bolup durýan taglymatdyr.
Zalila Roziýewa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.