Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag (immun) ulgamyny berkidýär. Ultramelewşe şöhleleriniň öýjüklerde diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler.
Gün urmak – bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnisine zeper ýetmegidir. Öte gyzma howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli, bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy dolandyrýan, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huş ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, bu ýagdaý has-da agyrlaşyp, gaýraüzülmelere getirmegi mümkin. Adam öte gyzma sezewar bolan ýagdaýynda hem Gün urandaky ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Gün uran halatynda ejir çekene köp suwuklyk içirmek maslahat berilýär. Salkyn suw, aýran, gök çaý içirmeli. Her bir adam tomus paslynda dynç alşa, gezelenje gidende, işlände, açyk howada suwa düşende Günüň ýiti şöhlesinden, ýagny Gün urmasyndan goranmagy başarmalydyr. Tomsuň yssy günlerinde 2 ýaşyna çenli çagalara, ýarawsyz we gartaşan adamlara sagat 11:00-dan 18:00-a çenli Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Yssy günlerde kelleýalaňaç gezmek bolmaýar, kelläňe başgap geýmek, saýawan götermek, gara äýnek dakynmak maslahat berilýär. Açyk meýdanda suwa düşülende, meýdanda Güne ýanylanda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli Gün şöhlesiniň aşagynda bolmak (esasan hem, sagat 15:00-dan 18:00-a çenli) has howply. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler kölegede oýnamaly.
Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli aralyk iň amatly wagtdyr. Suwa düşülýän ýerlerde ýa-da islendik başga ýerde Gün wannalaryny ýylda 50 gezekden köp kabul etmeli däl.
Göwher Mülkiýewa,
Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.