Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Agent­li­gi bi­len Hal­ka­ra Ma­li­ýe Gu­ra­ma­sy­nyň ýaý­ra­dan mag­lu­ma­tyn­da dün­ýä­de ener­gi­ýa pu­da­gy­na de­giş­li çak­la­ma­lar be­ril­ýär. Mag­lu­mat­da ösüp bar­ýan ýurt­lar­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ýan möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na ze­rur­lyk du­ýul­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu ýurt­lar­da 2035-nji ýy­la çen­li ýyl­lyk öz­leş­di­ril­ýän ma­ýa go­ýu­myň hä­zir­ki 773 mil­liard dol­la­ryn­dan 2,8 tril­li­on dol­la­ra ýe­ti­ril­me­li­di­gi aý­dyl­ýar. Hy­taý ha­sa­ba alyn­man­da bol­sa, bu ma­ýa go­ýum 262 mil­liard dol­lar­dan ýe­di es­se art­dy­ry­lyp, 1,9 tril­li­on dol­la­ra ýe­ti­ril­me­li bo­lar.
Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Agent­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl ösüp bar­ýan ýurt­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa üçin goý­be­ri­len 773 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýu­myň 511 mil­liard dol­la­ry Hy­ta­ýa de­giş­li bo­lup­dyr. Ga­lan 262 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýu­myň 82 mil­liard dol­la­ry Hin­dis­tan we beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ry­na de­giş­li bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň 66 mil­liard dol­la­ry Gü­nor­ta Ame­ri­ka, 52 mil­liard dol­la­ry Ýa­kyn Gün­do­gar we Ýew­ra­zi­ýa, 32 mil­liard dol­la­ry Af­ri­ka we 30 mil­liard dol­la­ry Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ha­sa­ba al­nyp­dyr.
Mag­lu­mat­da Hy­taý­dan beý­le­ki ösüp bar­ýan ýurt­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa pu­da­gy üçin goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýu­myň 135 mil­liard dol­la­ry­nyň hu­su­sy pu­dak ta­ra­pyn­dan üp­jün edi­len­di­gi we bu gör­ke­zi­ji­niň gel­jek 10 ýyl­da 1,1 tril­li­on dol­la­ra ýe­ti­ril­me­gi­ne ze­rur­lyk du­ýul­ýandygy bellenilýär.
Mag­lu­mat­da bu ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­len ýag­da­ýyn­da ösüp bar­ýan ýurt­lar­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün edil­me­gin­den baş­ga-da, dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­jek yk­dy­sa­dy ösü­şiň ga­za­nyl­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem şu ýyl aras­sa ener­gi­ýa üçin goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýu­myň 1,7 tril­li­on dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Ah­met BÄ­ŞI­MOW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.