Hä­zir­ki wag­ta çen­li on­lar­ça adam sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sa­dy bi­len kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne çyk­dy. Ola­ryň kö­pü­si bir­nä­çe gün­läp as­man gi­ňiş­li­gin­de bolan bol­sa­lar, kä­bi­ri at­mos­fe­ra­nyň gu­ta­ryp, kos­mo­syň baş­lan­ýan ýe­ri­ne az wagt­ly­k ba­ryp gaýt­dy­lar. Ýag­ny Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň aza­lyp baş­lan­ýan ýe­ri­ne – kos­mo­syň bo­sa­ga­sy­na bar­dy­lar. Ang­li­ýa­nyň «Vir­gin Ga­lactic» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, kos­mo­sa yzy­gi­der­li gat­na­wy ýo­la goý­mak üçin bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri iş alyp bar­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň il­kin­ji uçu­şy­nyň 27-30-njy iýun ara­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy we bu uçu­şa ita­li­ýa­ly üç bi­ler­me­niň gat­naş­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Aw­gust aýyn­da bol­sa, «Ga­lactic 02» at­ly tä­jir­çi­lik mak­sat­ly uçuş ama­la aşy­ry­lar.
Kom­pa­ni­ýa bir pe­te­giň ba­ha­sy­nyň 450 müň dol­lar­dy­gy­ny, hä­zi­re çen­li 800 ada­myň ýer bel­le­den­di­gi­ni mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Maýkl Kolg­laz­ýer kos­mo­sa yl­my bar­lag­lar we tä­jir­çi­lik mak­sat­ly gat­naw­la­ryň ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Ho­wa gä­mi­si Ýer­den 80 ki­lo­metr be­lent­li­ge çy­kyp, bir­nä­çe mi­nut­lap, Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň du­ýul­ma­ýan gat­la­gyn­da ga­lar. Kom­pa­ni­ýa il­ki­baş­da ýyl­da bir­nä­çe uçu­şy ama­la aşy­rar. Soň­lu­gy bi­len gat­na­wyň art­dy­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Gur­ban­sol­tan RE­JE­PO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.