Ýer ýüzünde energiýa durnuklylygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen alternatiw energiýa çeşmelerine has köp maýa goýum goýulýar. Bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň biri hem ABŞ hasaplanýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyna goýberilen maýa goýumyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 47 göterim artypdyr. Bilermenler Gün energiýasynyň önümçilik kuwwatynyň geljek 5 ýylda üç esse artyp, 377 müň MW-a ýetjekdigini belleýärler. ABŞ-da arassa energiýa pudagyny ösdürmek maksady bilen kabul edilen kanun bu ugurdaky maýa goýumlary hem-de ýerli önümçiligi has-da artdyrdy. Ýurtda Günden energiýa alýan beketleriň umumy önümçilik kuwwatynyň 2028-nji ýylyň ahyrynda 377 müň MW-a ýetjekdigi, bu görkezijiniň 2022-nji ýylyň ahyrynda 142 müň MW bolandygy mälim edildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde önümçilik kuwwaty 6 müň 100 MW bolan täze beketler gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Gün elektrik desgalarynyň önümçilik kuwwatynyň 16 müň MW-dygy mälim edildi.
Jennet Babaýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.