Hytaýly hünärmenler arassa energiýa üpjünçiligine goşant goşmak maksady bilen suwdan wodorod öndürýän täze nanomaterial işläp taýýarladylar. Daşary ýurtly hünärmenleriň hem goldaw beren ylmy işi netijesinde işlenip taýýarlanan nanomaterialy belli temperatura ýa-da basyşa zerurlyk duýmazdan, süýji hem-de şor suwda ulanyp bolýar. Bu usulda wodorod önümçiliginde daşky gurşawa zeper ýetirmezden energiýany öndürmek we saklamak maksat edinilipdir. Nanomaterial işlenip taýýarlananda, Gün şöhlesinden has netijeli peýdalanyp energiýa geçirip bilýän fotosintetik bakteriýalara öýkünilipdir. Täze işlenip taýýarlanan material suwdan alnan wodorodyň senagatda we ýangyç hökmünde ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
Nanometarialyň has hem kämilleşdiriljekdigi mälim edildi. Ylmy barlagyň netijeleri barada “Nature Catalysis” žurnalynda makala çap edildi.
Atajan Ilbegiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.