Müsür bilen Birleşen Arap Emirlikleri önümçilik kuwwaty 10 gigawata ýetýän ýel energiýa bekedi gurlar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin “Masdar” kompaniýasy bilen Müsüriň Täzelenýän energiýa edarasynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşyga görä, Müsür tarapy desgany gurmak üçin ýer bölüp berer. Iri taslamanyň bahasynyň 10 milliard dollardan geçjekdigi bellenilýär. Agzalýan taslamanyň 2030-njy ýyla çenli Müsüriň energiýa önümçiliginiň 42 göterimini üpjün eder. Tasamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Müsür tebigy gazdan her ýylda 5 milliard dollar tygşytlar.
BAE bilen Müsür geçen ýylyň noýabrynda önümçilik kuwwaty 10 gigawat bolan ýel bekedini gurmak üçin ylalaşyk gazanypdy.
Müsürde her ýylda 64 milliard kub metr tebigy gaz öndürilýär. Ýurt bu gazyň uly bölegini içerki bazara iberýär. Ýurduň häkimiýetleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini köpeldip, onuň ornuny tebigy gazyň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Merjen Meredowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.