2023-nji ýylyň fewral-aprel aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna 566,38 million kilowat/sagat elektirk energiýasyny iberdi. Bu görkeziji Gyrgyzystanyň umumy importunyň 41,7 göterimini eýeledi.
Gyrgyz Respublikasynyň Milli Statistika komitetiniň berýän maglumatyna görä, iberilen elektrik energiýasynyň umumy bahasy 1 milliard 485 million soma deň boldy, ortaça bir kilowat/sagady 2,62 soma barabardyr (takmynan ABŞ-nyň 3 dollary).
Şu ýylyň 4 aýynda Gyrgyz Respublikasy goňşy ýurtlardan 1,35 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny satyn aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 8 göterim azdyr.
Gyrgyzystana elektrik energiýasyny ibermekde Gazagystan öňdeligi eýeleýär. Hasabat döwründe 576,75 million kilowat/sagat elektrik energiýasy iberildi.
Şeýle hem Gyrgyz Respublikasy 15-nji aprelden Gazagystanyň üsti bilen Russiýadan hem elektrik togy alyp başlady.