23-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forum türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Arkadag şäherine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençleri guramak, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde filmleri görkezmek ýaly çäreler, konsertler, sergiler we beýlekiler girizildi.

Giň gerimli foruma Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden alymlar, magtymgulyşynaslar, ýurdumyzyň alymlary, professorlary we ýaş alymlary gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik oglunyň täsin döredijilik mirasyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu wekilçilikli foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek meselelerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň geljekde-de dörediljekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.