Niderlandlaryň meşhur futbolçysy Patrik Kluwertiň ogly Jastin Kluwert karýerasyny Angliýanyň “Premier Ligasynda” dowam etdirer. “Romanyň” 24 ýaşyndaky wingeri “Premier Liganyň” wekili “Bornmut” toparyna transfer boldy. Iňlis kluby Kluwert üçin 11+1 million ýewrony “Roma” toparyna berer. Ol täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen möwsümi Ispaniýanyň “Walensiýa” klubunda geçiren Kluwert 2018-nji ýylda “Aýaksdan” “Roma” transfer bolupdy. “Romada” 2 möwsüm çykyş edeninden soň ol her ýyl başga bir toparda kärendesine oýnady. “Roma” kluby ony ilki “Bundesliganyň” wekili “Leipsige”, soňra “Ligue 1”-iň topary “Nissa”, geçen möwsümde-de “La Liganyň” wekili “Walensiýa” kärendesine ugratdy. Jastin Kluwert 219 duşuşykda 42 gezek tapawutlandy.

Jastin Kluwert “Bornmut” bilen “Premier Ligada” ilkinji duşuşygyny geçiren güni ol Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda-da çykyş eden 4-nji futbolçy bolar. Ondan öň rumyniýaly Florin Raduçoýu, daniýaly Kristian Poulsen hem-de garadagly Stewan Ýowetiç bar.