1967-nji ýylyň 27-nji iýunynda Londonyň demirgazygyndaky Enfild sebitinde «Barclays» bankynyň şahamçasynda «Automated Teller Machine» (ATM) diýlip atlandyrylýan agregat oturdyldy. Bu enjam nagt pullary çekmek boýunça ilkinji bankomat hökmünde hyzmat etdi. Bu bankomat ilkibaşda «kartoçkasyz» bankomat bolup, bankdan berlen ýörite wauçer bilen çalyşmak esasynda nagt pul alyp bolýardy.