26-njy iýunda  paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr.

Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, şeýle hem bu gurama agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary, ugurdaş hünärmenleri forumyň myhmanlary boldular.

Halkara maslahatyň dowamynda daşary ýurtlaryň wekilleriniň eden çykyşlarynda bu forumyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny köptaraplaýyn esasda öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň çykyşynda 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşant goşýandygy, bu döwletleriň döredijilik işgärleriniň, alymlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. TÜRKSOÝ-nyň özleriniň döredijiligi bilen türki dilli ýurtlaryň medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan görnükli şahsyýetleriň gymmatly mirasynyň wagyz edilmegine möhüm üns berýändigini belläp, Sultan Raýew 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy.

ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri sanly ulgam arkaly eden çykyşynda bu halkara maslahaty geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Magtymgulynyň döredijiliginiň beýik ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýändigini aýratyn belledi. Asylly ýörelgeler we Magtymgulynyň döredijiligi ÝUNESKO-nyň işinde giňden wagyz edilýän ähmiýetli gymmatlyklar bilen utgaşyklydyr diýip, hanym Golda El-Huri akyldar şahyryň döredijilik mirasynyň ähmiýetine ýokary baha berdi.

Şeýle hem umumy mejlisiň dowamynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, Alžiriň, Ermenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň we Türkiýäniň ylmy merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Özbegistandaky Türkmen medeni merkeziniň ýolbaşçysy G.Awezdurdyýewa maslahatyň dowamynda eden çykyşynda Magtymguly Pyragynyň türkmen we özbek dillerinde neşir edilen eserler ýygyndysynyň Özbegistandaky türkmen hem-de özbek mekdeplerine gowşurylandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtady.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, halkara ylmy maslahat öz işini bäş bölümçede dowam etdi. Şeýlelikde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Pyragy hem Arkadag — köňüllere şamçyrag”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Magtymguly we onuň zamanasy” ady bilen geçirilen mejlisleriň çäklerinde alymlaryň duşuşyklary boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda bolsa foruma gatnaşyjylar “Magtymguly we Gündogar edebiýaty” atly mejlise gatnaşdylar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Magtymgulynyň şygryýet älemi”, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwerlik” mowzuklaryna garaldy. Olar türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasyny mundan beýläk-de wagyz etmäge, degişli ylmy barlaglary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni şahyryň şygryýetine, pelsepe garaýyşlaryna çekmäge gönükdirildi.