Alym­lar uzak ýyl­lar­dan bä­ri köp za­dy iş­läp düz­mek üçin jan­ly-jan­dar­la­ryň he­re­ket­le­ri­ni öw­ren­ýär­ler. Iň ki­çi uç­ýan en­jam­lar her­nä­çe kä­mil hem bol­sa, mör-mö­jek­ler ýa­ly ýyn­dam he­re­ket edip bil­me­ýär. “Dra­per” at­ly şe­re­ke­tiň hü­när­men­le­ri te­ne­çi­riň ar­ka­sy­na ýük­läp bol­jak en­ja­my iş­läp taý­ýar­la­dy. Hü­när­men­ler oňa diý­seň oý­la­ny­şyk­ly çe­me­le­şip­dir­ler. Se­bä­bi teh­no­lo­gi­ýa nä­çe ösen hem bol­sa, en­tek te­ne­çir ýa­ly he­re­ket edip bil­jek en­jam ýa­sal­man­dy. Üs­te­si­ne-de ada­myň ýa­sa­jak en­ja­my mör-mö­jek­le­riň ha­çan ni­rä gid­ýän­di­gi­ni anyk­lap bil­mez. Bu en­jam te­ne­çi­riň ar­ka­sy­na da­kyl­ýar. Na­no­teh­no­lo­gi­ýa ula­ny­lyp dö­re­di­len en­jam gül­le­riň to­zan­lan­ma­gy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­lan­dy. Şe­re­ke­tiň in­že­ne­ri Jes­se J. Wi­ler bu en­ja­myň hä­zi­re çen­li el­de ýa­sa­lan iň ki­çi zat­lar­dan hem ki­çi­di­gi­ni, mu­ňa ga­ra­maz­dan berk go­ra­lan­dy­gy­ny aýd­ýar.
Ki­çi­jik dron gül­le­riň to­zan­lan­ma­gy­na iň köp go­şant goş­ýan ba­la­ry­la­ry ýa­kyn­dan öw­re­nip, ola­ryň sa­ny­ny art­dyr­ma­ga go­şant go­şar.