Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuaň şäherinde awgust-sentýabr aýlarynda geçiriljek “6-njy Ýüpek ýoly (Duhuaň) Halkara Medeni Eksposyny” tanyşdyrmak maksady bilen, Gansu welaýatynyň Kommunistik partiýasynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, mahabatlandyryş ministri Çžaň Ýoňsýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi we ilçihananyň diplomatlary bilen duşuşdy.
Çžaň Ýoňsýa Gansu prowinsiýasy bilen tanyşdyrmak bilen, taraplaryň sebitara gatnaşyklaryny hasam ýygjamlaşdyrmaga zerur bolan çäreleri geçirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
Şeýle-de ol taraplaryň Beýik Ýüpek ýoluň bilen taryhy we medeni gatnaşyklaryny baýlaşdyrmakda ähmiýetini belläp, Hytaýyň merkezi hökümeti tarapyndan goldaw alan “6-njy Ýüpek ýoly (Duhuaň) Halkara Medeni Eksposyna” Türkmenistany hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.
Ilçi, öz gezeginde, berlen habar üçin hoşallyk bildirdi.
Ol Türkmenistanyň taryhda tutan medeni we siwilizasion orny hem-de häzirki wagtda ykdysady we durmuş ösüşi, energetika we ulag-logistika mümkinçilikleri, geljekde hem amala aşyrylmaga garaşylýan uly meýilnamalary barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýoly” atly kitabynyň hytaý diline terjime edilen görnüşini sowgat berdi.