Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara badalga berildi.
Ir bilen “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançany ählihalk baýramçylygynyň şowhuny gurşap aldy. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji “akylly şäheriň” açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler.
Meýdançada Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlar bilen ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň keşbini janlandyrýan binanyň ýanyna bardylar we ony açdylar.
Dürli reňkli howa şarlary dabaraly saz astynda ýokary uçuryldy we binanyň esasynda bolsa suw çüwdürimleri işläp başladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna bardylar.
Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we Watanymyzyň Döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy.
Şeýle hem dabaralaryň çäklerinde «Arkadag» binasynyň açylyşy boldy.
Ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar dowam edýär.