Şu gün ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan tä­ze Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li giň möç­ber­li da­ba­ra­lar gu­ral­dy. Ýur­du­myz­da il­kin­ji “akyl­ly şä­he­riň” açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar gat­naş­dy­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu iri tas­la­ma­ny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da onuň bi­rin­ji tap­gy­ry ta­mam­la­nyp, onuň çäk­le­rin­de 336 sa­ny me­de­ni-dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­lar gu­rul­dy.
Kö­pet­da­gyň aja­ýyp dag etek­le­rin­de ýer­leş­ýän tä­ze şä­her öň­de­ba­ry­jy san­ly, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk we “ýa­şyl” teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan “akyl­ly şä­he­riň” aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Bu ýer­de eko­lo­gi­ýa ýa­ly mö­hüm ug­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň “Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tin­de dur­nuk­ly, “ýa­şyl, ho­wa üçin oňaý­ly we in­no­wa­si­on çöz­güt­li şä­her­le­ri ös­dür­mek” tas­la­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky gü­wa­na­ma­nyň be­ril­me­gi bu ul­gam­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we be­lent mer­te­be­li da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar tä­ze bi­na­la­ryň we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň top­lu­my­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy­lar.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­lent mer­te­be­li da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar bi­len Ru­hy­ýet köş­gün­de da­ba­ra­ly mas­la­ha­ta gat­naş­dy­lar. Bu ýer­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň dür­li ugur­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni tas­syk­la­ýan sy­lag gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.