Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li giň möç­ber­li da­ba­ra­lar bol­dy. “Akyl­ly şä­he­riň” açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar gat­naş­dy­lar. Bu da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin dün­ýä­niň 50-den gow­rak döw­le­tin­den dür­li de­re­je­dä­ki we­ki­li­ýet gat­naş­dy.
“Akyl­ly” şä­her teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­ny­lyp gur­lan bu döw­re­bap şä­he­riň açy­lyş da­ba­ra­sy «Ak­han» bi­na­sy­nyň ýa­nyn­dan baş­lan­dy. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa edil­di.
Soň­ra Ar­ka­dag şä­he­rin­de he­re­ket ed­ýän elekt­ro­bus­lar bi­len şä­he­ri mer­ke­zi­ne ba­ryl­dy. Bu ýer­de Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki Baş baý­ram­çy­lyk meý­dan­ça­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy be­len­de gal­dy­ryl­dy. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne do­gan­lyk Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ibe­ren TOGG ky­sym­ly T10X model elekt­rou­lag­la­ry sow­gat edil­di.

 

Soň­ra dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň taý­ýar­lan aý­dym-saz­ly ede­bi kom­po­zi­si­ýa­sy­na hem-de baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­ne to­ma­şa eden­le­rin­den soň­ra, aw­tou­lag­lar­da tä­ze «akyl­ly» şä­he­riň çä­gin­de gur­lan bi­na­lar­dyr des­ga­la­ry syn­lap, ola­ryň deň­le­rin­den geç­di­ler. Tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy hem aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar bi­len ut­gaş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­man­lar bi­len bi­le­lik­de tä­ze açy­lan öý­le­riň bi­ri­ne myh­man bo­lup, bu ýer­de ýa­şa­mak üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le-de be­lent mer­te­be­li myh­man­lar Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň bi­na­sy­na ba­ryp gör­dü­ler.

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da gur­lan je­mi 336 sa­ny döw­re­bap des­ga ulan­ma­ga be­ril­di. Şä­her dü­zü­mi dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny, şol san­da ça­ga­lar bag­la­ry­ny, mek­dep­le­ri, beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw mek­dep­le­ri­ni, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, söw­da, hyz­mat­lar ul­gam­la­ry­nyň eda­ra­la­ry­ny, sport des­ga­la­ry­ny, in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­ny özü­ne bir­leş­dir­ýär.
“Akyl­ly” şä­her teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­ny­lyp gur­lan döw­re­bap 5, 7 we 9 gat­ly, köp öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry “Smart-сity” kon­sep­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Mu­nuň özi öýi do­lan­dyr­ma­gyň in­tel­lek­tu­al ul­ga­my­dyr.
Ar­ka­dag şä­he­rin­de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän köp­şa­ha­ly ýol-ulag dü­zü­mi­niň bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Giň şa­ýol­lar, kö­çe­ler we hal­ka­la­ýyn çat­ryk­lar hä­zir­ki za­man yşyk­lan­dy­ryş we do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edi­lip­dir.