Şu gün Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki «Mär­kaw» myh­man­ha­na­syn­da «Akyl­ly» şä­her Ar­ka­dag» at­ly hal­ka­ra ma­ýa go­ýum fo­ru­my ge­çi­ril­ýär. Onuň mak­sa­dy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny, Ar­ka­dag şä­he­ri­ni dur­muş-yk­dy­sa­dy, se­na­gat taý­dan ös­dür­mä­ge we «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek­den yba­rat­dyr.
Tä­ze şä­her­de il­kin­ji ge­zek gu­ral­ýan ma­ýa go­ýum fo­ru­my­na da­şa­ry ýurt­lar­dan we ýur­du­my­zyň döw­let hem-de hu­su­sy dü­züm­le­rin­den we­kil­le­riň 300-den gow­ra­gy gat­naş­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da BMG-niň Se­na­gat ösü­şi bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky­nyň, Tür­ki döw­let­le­riň Söw­da eda­ra­la­ry­nyň bir­leş­me­si­niň, BMG-niň Ilat­ly no­kat­lar bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň, ABŞ-nyň «John Dee­re», Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň JCB, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Sa­mo», ABŞ-nyň «Lind­say Ir­ri­ga­ti­on» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri bar.
«Akyl­ly» şä­her Ar­ka­dag» at­ly hal­ka­ra ma­ýa go­ýum fo­ru­my hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­nyň okal­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Onuň do­wa­myn­da «Dur­nuk­ly ösü­şiň gel­je­gi we şä­her­ler­dä­ki tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar», «Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri», «Akyl­ly» şä­her­le­riň san­ly inf­rast­ruk­tu­ra­sy we san­ly in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly mow­zuk­lar bo­ýun­ça çy­kyş­la­ra orun ber­lip, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek we ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra pi­kir al­şy­lar.
Ma­ýa go­ýum fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry gu­ra­mak we res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Er­tir myh­man­lar Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry bo­lan hu­su­sy dü­züm­le­riň önüm­çi­lik top­lum­la­ry­na ba­ryp gö­rer­ler.

Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» gä­ze­ti­niň elekt­ron nus­ga­syn­da ha­bar be­ril­ýär.