Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Mek­ge şä­he­rin­dä­ki Al-Ha­ram met­ji­din­de Ju­ma na­ma­zy­ny oka­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bi­len bir­lik­de Ju­ma na­ma­zy­na du­ran türk­men we­ki­li­ýe­ti hem-de din­dar­lar ýag­şy do­ga-di­leg­le­ri et­di­ler. Olar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bol­ma­gy­ny, alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw­lap, he­mi­şe pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň hö­küm sür­me­gi­ni di­leg et­di­ler.
Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Mek­ge şä­he­rin­de Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di.Bu sa­da­ka sa­par bi­len ge­len türk­men we­ki­li­ýe­ti, şeý­le-de hä­zir­ki wagt­da mu­kad­des Kä­be­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn­dan ýar­dam ber­me­gin­de Haj par­zy­ny ber­jaý edip ýö­ren il­deş­le­ri­miz we ýer­li din­dar­lar, arap do­gan­la­ry­myz gat­naş­dy­lar.
Sa­da­ka­da te­bä­rek çy­kyl­dy. On­dan soň­ra mil­li ta­gam­la­ry­myz çe­kil­di, sa­da­ka gat­naş­ýan adam­la­ra hez­zet-hor­mat edil­di. Duz-ta­gam da­dy­lan­soň, aýat-tö­wir oka­lyp, on­da Mil­li Li­de­ri­mi­ziň mu­kad­des, ke­ra­mat­ly ýer­de ber­ýän Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­nyň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi ar­zuw edil­di hem-de Türk­me­nis­tan bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy di­leg edil­di.
Bu ba­ra­da mas­la­hat.gov.tm saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.