30-njy iýunda Arkadag şäherinde “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forum Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.
Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän institutlaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň hem-de agentlikleriniň ýolbaşçylary bar.
Maslahatyň işiniň öňüsyrasynda sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşlyk boldy.
Foruma gatnaşyjylar “geljegiň şäheri” diýip atlandyryp boljak Arkadag şäheriniň açylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler. Ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Myhmanlar ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny aýtdylar. Türkmenistan ylmy-tehnologik innowasiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyryp bilýändigini tutuş dünýä görkezdi.
Maslahatyň dowamynda sanly çözgütler we intellektual mümkinçilikler ulgamynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň mümkinçilikleri, “akylly” öýleriň, şäherleriň geljekki taslamalary, bilim we ylym ulgamlaryna, sanly ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Çykyşlaryň ählisinde Arkadag şäheriniň dünýäniň döwrebap şäher gurluşygynyň merjenleriniň birine, şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmäge iň jogapkärli döwlet çemeleşmesiniň aýdyň mysalyna öwrüljekdigine ynam bildirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen täze şäheriň eýýäm abraýly halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarynyň ençemesine mynasyp bolandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Foruma gatnaşyjylar türkmen halkyny ýurduň durmuşyndaky ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, onuň esaslandyryjysynyň hormatyna Arkadag diýlip atlandyrylan täze şäheriň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has amatly mekanlaryň birine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, bilimiň, medeniýetiň, ylmyň we giň halkara hyzmatdaşlygyň esasy merkezleriniň hem birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
“Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.