Sy­ýa­hat­çy­lyk dün­ýä­de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän pu­dak­la­ryň bi­ri bo­lup, adam­la­ryň köpüsi, esa­san hem, to­mus möw­sü­min­de ge­ze­len­je çyk­ýarlar. Ge­ze­lenje, dynç al­mak is­le­ýän ýerlerimi­ze, esasan, ulag­ly ýa-da uçar­ly gidilýär. Ýö­ne dün­ýä­niň bir­nä­çe ýe­rin­de at­ly, ot­lu­ly, tir­keg ly­ža­ly, şol san­da gä­mi­li ge­ze­lenç­le­ri hö­dür­le­ýän sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry hem bar. Soň­ky ýyl­lar­da de­ňiz­de ama­la aşy­ryl­ýan ge­ze­lenç­ler hem sy­ýa­hat­çy­lar­da uly tä­sir galdyrýar. Göz öňü­ne ge­ti­riň, fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň üç es­se­si­ne ba­ra­bar gä­mi. Siz bu gä­mi­de bir­nä­çe aý­lap, dürli şä­her­de ama­la aşy­ryl­jak sy­ýa­ha­ta çyk­dy­ňyz. Äh­li şer­ti bo­lan bu gä­mi edil «ýüz­ýän şä­he­re» meň­zäp, um­ma­nyň, de­ňiz­le­riň tol­kun­la­ry bi­len bat alyp, oý-hy­ýal­la­ry uzak men­zil­le­re äkid­ýär…
Dün­ýä­de kruiz gä­mi­le­ri­niň bi­rnä­çe­si bo­lup, şo­la­ryň iň ulu­sy «Royal Carib­be­an Won­der of the Se­as» (Ko­rol Ka­rib deň­zi­niň tä­sin­li­gi) ha­sap­lan­ýar. Uzyn­ly­gy 362 met­re, giň­li­gi 65,5 met­re, ag­ra­my 235 müň 600 ton­na ba­ra­bar bo­lan bu gä­mi­ dün­ýä­niň iň uly sy­ýa­hat­çy­lyk gä­mi­si­dir. Ge­çen ýyl işe gi­ri­zi­len bu gä­mi­de 2 müň 867 otag bo­lup, 7 müň 600 ada­my sy­ýa­ha­ta äki­dip bil­ýär. 18 gat­ly gä­mi­de 20 müň­den gow­rak ösüm­lik ösýär. Se­kiz sa­ny uly bö­lek­den yba­rat bo­lan gä­mi­de Mer­ke­zi se­ýil­gäh, myh­man­ha­na otag­la­ry, «AquaT­hea­ter» açyk to­ma­şa za­ly, 30 metr­lik su­wa çüm­mek plat­for­ma­sy, ça­ga­lar üçin açyk güý­men­je meý­dan­ça­sy, dyr­ma­şyl­ýan di­war­lar bar. Bu­lar­dan baş­ga-da, is­leg bil­dir­ýän­ler üçin su­was­ty ge­ze­lenç­ler, buz­da typ­mak, golf oý­na­mak, elekt­rons­port oýun­la­ry, «Flow­Ri­der» suw­da typ­mak ýa­ly güý­men­je­ler hö­dür­len­ýär.
Sy­ýa­hatçylyk gä­mi­sin­de 9 sa­ny tölegsiz res­to­ran bo­lup, 12 sa­ny ýö­ri­te na­har­la­nyl­ýan meý­dan­ça bar. Gä­mi­de fran­suz, ital­ýan, Azi­ýa aş­ha­na­sy­na de­giş­li na­har­lar taý­ýar­la­nyp, bu­ýur­ma esa­syn­da hy­taý ta­gam­la­ry­ny hem iýip bol­ýar. De­ňiz jan­dar­la­ryn­dan taý­ýar­la­nan ta­gam­lar, kok­teýl, «star­bucks» ko­fe­si sy­ýa­hat­çy­la­ryň ha­la­ýan lez­zet­leri­dir. Mun­dan başga-da, «Ma­son Jar» Gü­nor­ta res­to­ra­ny özü­niň meş­hur ta­gam­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ra hyz­mat ed­ýär.
«Ko­rol Ka­rib deň­zi­niň tä­sin­li­gi» atly sy­ýa­hatçylyk gä­mi­si Ka­rib deň­zin­de Gün­do­gar we Gün­ba­tar ugur­lar bo­ýun­ça ýüz­ýär. Dün­ýä­niň iň go­wy maş­ga­la dynç al­şy­ny hö­dür­le­ýän Ka­rib deň­zi­niň gämi­li sy­ýa­ha­ty Ko­zu­mel, Mek­si­ka we Roa­tan, Gon­du­ras du­ral­ga­la­ry bo­ýun­ça ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bir hep­de do­wam ed­ýär.