3-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýolbaşçylary hem-de wekilleri, döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyş edenler halkymyzy şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy we sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň ähmiýetini açyp görkezýän «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň neşir edilmegi bilen gutladylar. Dabaranyň dowamynda Arkadag şäherini wasp edýän aýdymlar ýaňlanyp, olarda täze şäheriň Watanymyzyň kuwwatyny berkitmekde tutýan orny çeper beýan edildi. Dabarada belli sungat ussatlarymyzyň halkymyzyň kalbyna siňen aýdymlarynyň birnäçesi ýaňlanyp, olar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Çäräniň dowamynda täze Arkadag şäherinde medeni ojaklaryň gurulmagynyň milli medeniýetimizi ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky subutnamasydygyna üns çekildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň gurlup, ulanmaga berilmegi muňa aýdyň mysallardyr diýlip, çykyşlarda aýratyn bellenilip geçildi.