Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri, Merkezi edaranyň we Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 2023-nji ýylyň 13-15-nji iýuny aralygynda geçirilen Gümrük ygtyýarlyklarynyň gurluşyny taýýarlamak boýunça sebitara maslahatyna gatnaşdylar.
«Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMKA 10)» maksatnamanyň çäginde guralan bu maslahat, gümrük işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak meselesine gönükdirilendir.
Maslahatyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük işgärlerini taýýarlamakda okuw usulyýetleri boýunça tejribe alyşdylar.
Okuw merkeziniň müdiri öz çykyşynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi işgärleri taýýarlamakda täze çemeleşmeleri işe girizmek bilen, ilkinji nobatda, işgärleriň ruhy taýýarlygyna, ahlak we psihologik durnuklylygyna üns berilýändigini belledi. Munuň özi, işgärleriň maşgala agzalary bilen söhbetdeşligi, işgärleriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrylmagy, muzeýlere baryp görmek, watançylyk filmlerine tomaşa etmek we ş.m. ýaly medeni we terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri göz öňünde tutýar. Bu çemeleşmäniň höwesjeň, watanperwer işgärleri taýýarlamakda oňyn netijäni berýär.
Esasy Telekeçilik Gümrük gullugynyň işgärleri Astana şäherinde geçirilen sebitara maslahata gatnaşdy