27-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň ýanyndaky Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Gulluklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Taraplar, ilkinji nobatda, Gümrük işinde ýardam bermek we özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşmagyň zerurlygyny belläp, bu ugurda resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin bilelikde işleri geçirmäge ylalaşdylar.
Şeýle-de, maglumat alyşmagy ýola goýmak, statistiki maglumatlary deňeşdirmek, özara haryt dolanşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy üçin iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan mundan beýläk ösdürmek barada ähli tagallalary etjekdikleri barada ylalaşdylar.
Esasy Ylym we Tehnologiýa Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy gümrük meselelerinde hyzmatdaşlygy ösdürýär