3-nji iýulda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar.
Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç “akylly” we “ýaşyl” şäher ekoulgamyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge, täze tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly bilelikdäki ekoulgamy döretmekde tejribeleri we bilimleri alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly çykyş eden Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow maslahata gatnaşyjylaryň ählisini we türkmen halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlap, munuň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň nyşanydygyny belledi. “Biz Türkmenistanyň goldawlaryna ýokary baha berýäris we Arkadag şäheri ýaly “akylly” şäherleriň ekologik gurluşy babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge umyt edýäris. Biziň bilelikdäki işlerimiziň Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde itergi boljakdygyna ynam bildirýärin” diýip, Zafar Mahmudow çykyşynda nygtady.
Halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýygnananlar tebigaty goramak boýunça durmuşa geçirilýän işlere çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, tebigy serişdeleri aýawly ulanmaga we daşky gurşawy netijeli goramaga gönükdirilen ekologik taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň zalynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.