Fransiýanyň Senaty 15 ýaşdan kiçi ulanyjylaryň jemgyýetçilik tory platformalaryna ýazylmaklary we ulanmaklary üçin ene-atasynyň ýa-da hossarynyň rugsady bolmalydygy baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Kanunda bu düzgüni bozan platformalara ýokary jezanyň berilmegi hem göz öňünde tutulýar.
Fransuz senatlary jemgyýetçilik torlarynda “ýigrenç” bilen göreşmegi maksat edinýän kanun taslamasyna ikinji gezek garadylar. Netijede, 15 ýaşyndan kiçi çagalaryň jemgyýetçilik tory platformalaryna ýazylmaklary üçin ene-atasynyň rugsady bolmalydygy baradaky kanun birazgyzdan kabul edildi. Bu düzgüni durmuşa geçirmek üçin platformlar ulanyjylaryň ýaşyny we kiçi ulanyjylaryň hossaryndan rugsat alyp almandygyny anyklamak üçin ulgam döretmeli bolarlar. Bu düzgüni bozan platformlara dünýädäki girdejisiniň 1 göterimine çenli pul jezasy berlip bilner. Ene-atalar platformalardan 15 ýaşdan kiçi çagalarynyň jemgyýetçilik torundaky hasaplaryny togtatmagyny talap edip biler.
Kanun taslamasy Milli mejlisde kabul edilenden soňra Senata goýberilipdi. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, kanun taslamasy Senatda kabul edilenden soňra Resmi gazetde çap edilenden soňra doly güýje girýär.