Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na (ŞHG) ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň 23-nji mas­la­ha­ty Hin­dis­tan­da on­laýn ýag­daý­da ge­çi­ril­di. Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di­niň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ril­ýän on­laýn sam­mi­te Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­dy.
Bu on­laýn sam­mi­te Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin, Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şeh­baz Şa­rif, Tä­ji­gis­tan Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew gat­naş­dy.
Şeý­le hem bu sam­mi­te gu­ra­ma syn­çy hök­mün­de gat­naş­ýan ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry – Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko, Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Eb­ra­him Rai­si we Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Uh­na­giýn Hu­rel­suh gat­naş­dy.
Mun­dan baş­ga-da, bu sam­mi­te köp san­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we se­bit gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy.

Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.