Angliýanyň “Nýukasl” kluby Italiýanyň “Milan” toparynyň ýyldyzy Sandro Tonalini düzümine goşdy. Iňlis kluby 23 ýaşyndaky italiýaly ýarymgoragçy bilen 2028-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. “Nýukasl” topary Tonaliniň transfer tölegi hökmünde “Milana” 70 million ýewro tölär. Oýunçynyň görkezjek başarnygyna görä, ýene-de goşmaça tölegler hem bolup biler. Şunlukda, Tonali “Nýukaslyň” iň gymmat transferi bolar. Şol bir wagtyň özünde-de Tonali “Milanyň” transfere goýberen iň gymmat futbolçysy bolup, ol braziliýaly Rikardo Kakanyň rekordynyň täzeledi (67 million ýewro). Galyberse-de, Tonali transferine iň köp pul tölenen italiýaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Karýerasyny “Milanda” dowam etdirmek isleýändigine garamazdan, transfere goýberilen Tonali italýan toparynda 3 möwsüm oýnady. 2022-nji ýylda gazanylan çempionlykda uly rol oýnan Tonali “Milanda” 130 oýunda 7 gezek tapawutlandy. Çagalykdan “Milanyň” janköýeri bolan Tonali futbola “Breşiýada” başlapdy.