Braziliýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi mälim edildi. Dünýä Kubogyny iň köp gazanan ýygyndynyň tälimçiligine italiýaly ussat hünärmen Karlo Ançelotti bellendi. Ol 2024-nji ýylyň tomsundan başlap, Braziliýanyň ýygyndysyna tälim berer. Bu barada Braziliýanyň futbol federasiýasynyň başlygy Ednaldo Rodriges resmi ýagdaýda habar berdi. Ol häzirlikçe, öňümizdäki 1 ýyl topara wagtlaýynça Fernando Diniziň tälim berjekdigini hem belläp geçdi. Rodriges: – Öňümizdäki Kopa Amerikada Ançelotti toparyň tälimçisi bolar. Oňa çenli-de Diniz topara tälim berer. Ol topary Ançelotti tälimçiligine taýýarlar – diýip, çykyş etdi.

Braziliýanyň ýygyndysy soňky 3 duşuşygynyň 2-sinde ýeňlişe sezewar boldy. Sambaçylar ýoldaşlyk duşuşyklarynda Marokkodyr Senegaldan degişlilikde, 2-1 we 4-2 hasaplar bilen asgyn gelipdi. Braziliýanyň ýygyndysy Gwineýany bolsa 4-1 hasabynda ýeňipdi.

Karlo Ançelottiniň häzirki wagtda “Real Madrid” bilen ýene-de 1 ýyllyk şertnamasy bolup, ol geljek ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Ançelotti Braziliýanyň ýygyndysyndaky daşary ýurtly 2-nji, resmi duşuşyklardaky ilkinji baş tälimçi bolar. Mundan öň 1965-nji ýylda argentinaly Filpo Nunýes diňe 1 ýoldaşlyk duşuşygynda Braziliýanyň ýygyndysyna tälim beripdi. Şeýle-de, 1925-nji ýylyň 6-25-nji dekabry aralygynda urugwaýly Ramon Platero, 1944-nji ýylyň 14-17-nji maýy aralygynda-da portugaliýaly Horeka braziliýaly tälimçiler bilen bilelikde topara tälimçi hökmünde bellenilipdi.