Tomus pasly täze zatlary öwrenmek, syýahat etmek we dynç almak üçin ajaýyp möwsümdir. Bu möwsümde çagalar tomusky dynç alşa çykýarlar. Eýsem, gyzykly güýmenjelere baý tomus paslyny nähili geçirmeli?!
Gün tertibine eýermeli. Mekdebe gitmeýändigiňize garamazdan, gün tertibini talabalaýyk berjaý etmeli. Irden turup beden maşklaryny ýerine ýetirmeli. Wagtly-wagtynda iýmitlenmäge we dynç almaga üns bermeli.
Wagtynda naharlanmaly. Oýna ýa-da telewizordyr telefona güýmenip, wagtynda naharlanmagy ýatdan çykarmaly däl! Esasan hem, ertirlik edinmegi endik etmeli. Sebäbi irdenine iýip-içmek çaganyň ösüşi hem-de işjeňligi üçin örän peýdalydyr. Tomus paslynda, esasan, süýt önümlerini, miwedir gök-bakja önümlerini hem-de däneli iýmitleri köpräk iýmeli.
Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Tomus paslynda howanyň gyzgynlyk derejesini göz öňünde tutup, irden hem-de agşamara salkyn howada daşarda oýnamak ýa-da gezelenç etmek maslahat berilýär. Günortan Günüň dik düşýän ýiti şöhlesinden goranmaly. Şol sebäpli daşary çykmak, Günüň aşagynda gezmek, yssyda nämedir bir zada güýmenmek maslahat berilmeýär.
Dynç almaly. Tebigatda, şäheriň owadan künjeklerinde gezelenç etmeli, şeýle hem syýahatçylyk merkezlerinde dynç almaly. Okuw ýylynyň dowamynda toplanan ýadawlyklary çykarmaly. Özümizi rahat alyp barmaly. Bu täze okuw ýylyna şowly başlamaga, okuw derslerini has aňsat özleşdirmäge ýardam eder.
Sport bilen meşgullanmaly. Öýde ýa-da syýahatçylyk merkezlerinde dynç alýandygyňyza garamazdan, salkyn howada sport bilen meşgullanmaly. Özüňize ýakyn bolan sport görnüşi bilen meşgullanmak siziň wagtyňyzy gyzykly geçirmäge hem-de beden taýdan taplanmaga kömek eder. Sport bilen meşgullanmak diňe bir tomusky dynç alyş möwsümine degişli bolman, eýsem, ýylyň islendik paslyna hem mahsusdyr.
Tehnologik enjamlardan uzaklaşyň! Telewizoryň, kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturman ýa-da telefona güýmenmän peýdaly işleri ýerine ýetiriň! Hossarlaryňyzyň öý işlerine kömek ediň, kitap okaň ýa-da dil öwreniň! Bu siziň zehin taýdan taplanmagyňyza hem-de kämillige ýetmegiňize kömek eder.
Seresap boluň! Tomus paslynyň iň gyzykly güýmenjeleriniň biri hem welosiped sürmekdir. Welosiped sürýän wagtyňyz gorag başgabyny geýmegi, ýol-ulag hereketiniň ýok ýerinde gezelenç etmegi ýatdan çykarmaň! Mundan başga-da, akar suwa gözegçiliksiz düşmekden saklanyň! Onuň ýerine ýörite howuzlarda ýa-da çişirilýän emeli howuzlarda suwa düşmek maslahat berilýär.