Golaýda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän, dünýäniň şähergurluşyk we inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy.
Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Şeýle hem halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär.
Täze şäherde Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry we medeniýet toplumy ýaly birnäçe medeniýet ojaklary gurlup ulanmaga berildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana bir wagtyň özünde 600 okyjyny kabul etmäge hem-de 3 million neşiri saklamaga niýetlenendir. Kitaphana innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilip, onda elektron katalog ulgamy hereket edýär. Bu ýerde obserwatoriýa bolup, onda ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiligi döredilipdir.
Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde taryh we arheologiýa, tebigat, ekologiýa syýasaty, şekillendiriş sungaty, etnografiýa sergi zallary we beýlekiler ýerleşýär. Şeýle hem muzeýde ugurdaş edaralaryň birnäçesi, şol sanda medeni-aň bilim, ylmy-barlag, çeperçilik-dikeldiş we mahabatlandyryş bölümleri hereket edýär.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem täze şäheriň ajaýyplyklarynyň biridir. Onuň nal şekilinde gurlan täsin binasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilipdir. Sirkiň çykyşlary görkezmek üçin niýetlenen tegelek meýdançasynyň diametri 13 metre barabardyr, tomaşa zaly bolsa 1500 orunlykdyr. Sirkde bedewleri saklamak, olara ideg etmek, türgenleşikleri geçirmek, artistleriň netijeli işlemegi we tomaşaçylar üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşaçylar zaly 500 orunlyk bolup, şäherde bina edilen beýleki desgalarda bolşy ýaly, teatryň daşky we içki bezeginde-de milli binagärligiň däp bolan ýörelgeleri, häzirki döwrüň binagärliginiň gazananlary sazlaşykly ulanylypdyr. Bu ýerde netijeli döredijilik işi, sahna oýunlaryny goýmak we görkezmek üçin oňaýly mümkinçilikler döredilipdir.
Şeýle hem Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi we Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýerleşýär. Olaryň her biri 240 orunlyk bolup, dürli saz gurallarynda, şol sanda milli saz gurallarynda saz çalmagy öwrenmek, aýdym aýtmak, tans etmek, bagşyçylyk sungatyny özleşdirmek, sazyň taryhyny we nazaryýetini, dirižýorçylyk sungatyny ele almak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde ýaş türkmenistanlylar şekillendiriş, amaly-haşam, folklor, teatr, estrada sungatynyň we dizaýnyň esaslaryny özleşdirerler.
Bu ajaýyp täze şäherde 5 gatly medeniýet toplumynyň binasy hem bar. Onda şäher edaralarynyň birnäçesi ýerleşýär.
Binanyň birinji gatynda «Arkadag» teleýaýlymynyň edarasy ýerleşýär. Ikinji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy ýerleşýär. Üçünji, dördünji we bäşinji gatlarynda bolsa, Arkadag şäheriniň Bilim we Medeniýet müdirlikleri ýerleşýär. Binada ýerleşen edaralaryň ählisiniň işgärleri üçin netijeli işlemek babatda ähli zerur şertler, şol sanda ähli otaglar döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilipdir, sanly ulgam ornaşdyrylypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň hormatly
Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, Arkadag şäheri adamlaryň durmuşy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Arkadag şäherinde medeni ojaklaryň gurulmagy milli medeniýetimizi ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjegindäki bu giňişligiň oýlanyşykly we döwrebap derejede peýdalanylmagy täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesidir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Döwran Öwezow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.