Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” milli nebit kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiligini 50-60% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Amin Nasser “Al Arabiya” teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginde aýtdy.
Mundan öň, Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi, goşmaça, 4000 kilometr turbageçiriji gurmak arkaly patyşalygyň gaz önümçiligini 60% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini habare beripdi.
“Saudi Aramco”-nyň 2022-nji ýyldaky soňky hasabatyndan görnüşi ýaly, tebigy gaz we etanyň öndürilişiniň ortaça mukdary günde 10,6 milliard kub fut (günde takmynan 300 million kub metr) boldy. Kompaniýa patyşalykda ýeke-täk gaz üpjün edijidir, şeýle hem ugurdaş gazy we gaz kondensatynyň bir bölegini eksport edýär. “Jafura” diýlip atlandyrylýan adaty bolmadyk gaz ýatagy ýurtdaky iň uly gaz ýatagydyr. Onuň ätiýaçlyklary 56,6 milliard kub metre barabar hasaplanylýar.