Ge­çen maý aýyn­da Is­pa­ni­ýa ge­len da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny ýyl­lyk ha­sa­byn­da 17,6% ýo­kar­la­nyp, 8,2 mil­li­on bol­dy di­ýip, INE mil­li sta­tis­ti­ka eda­ra­sy ha­bar ber­di. Bu Is­pa­ni­ýa­da­ky gö­zeg­çi­li­giň tu­tuş ta­ry­hyn­da maý aýy üçin re­kord­dyr di­ýip, “Mar­ket­Watch” bel­le­ýär.
Gör­ke­zi­ji pan­de­mi­ýa­dan öň­ki 2019-njy ýy­lyň maý aýyn­da­ky gör­ke­zi­ji­den 3,8% ýo­ka­ry bol­dy. Maý aýyn­da Is­pa­ni­ýa sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan gel­di – 1,8 mil­li­on­dan gow­rak ýa-da umu­my sa­nyň 22,2%-i. Soň­ra Fran­si­ýa we Ger­ma­ni­ýa gel­ýär, de­giş­li­lik­de, 1,2 mil­li­on we tas 1,1 mil­li­on myh­man.
Aý­ry-aý­ry ýurt­la­ryň ara­syn­da ýyl­lyk ha­sa­byn­da iň uly ösü­şi ABŞ gör­kez­di, maý aýyn­da bu ýer­den bir ýyl ozal­ky­dan 38,8% köp adam gel­di.
Maý aýyn­da Is­pa­ni­ýa ho­wa ýo­ly ar­ka­ly 6,82 mil­li­on­dan gow­rak (ýyl­dan-ýy­la +12,8%), aw­tou­lag bi­len 1,24 mil­li­on (+52,8%), suw ýo­ly ar­ka­ly 128,4 müň (+9,4), de­mir ýol­la­ry ar­ka­ly 30,6 müň (+92,7%) sy­ýa­hat­çy gel­di.
Ýur­duň myh­man­la­ry­nyň umu­my çyk­da­jy­la­ry ýyl­lyk aň­lat­ma­da 20,8%, 9,73 mil­liard ýew­ro çen­li ýa-da adam ba­şy­na or­ta­ça 1,2 müň ýew­ro art­dy (+2,7%).