7-nji iýul­da Aş­ga­bat­da ABŞ-nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 247 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ka­bul ediş­lik çä­re­si gu­ral­dy. Il­çi­ha­na­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­myn­da gu­ra­lan da­ba­ra ýur­du­my­zyň hö­kü­met ag­za­la­ry, Aş­ga­bat­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­bar­çy­la­ry hem-de köp san­ly myh­man gat­naş­dy.
ABŞ-nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Mett­ýu Kli­mow myh­man­la­ry il­çi­ha­na­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň how­lu­syn­da gar­şy­la­dy. Her ýyl ABŞ-nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni ýur­duň se­bit­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýär. Bu ge­zek bol­sa, gün­ba­tar se­bi­ti­ne ba­gyş­la­nyp gu­ra­lan da­ba­ra­da myh­man­la­ra kow­boý (at­ly, gün­de­lik işi­niň köp bö­le­gi­ni at üs­tün­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän) baş­ga­by we ýag­ly­gy sow­gat edil­di.
Il­çi­ha­na­nyň how­lu­sy­na ABŞ-nyň gün­ba­tar se­bit­le­ri­ni ýat­lat­mak mak­sa­dy bi­len at hem ge­ti­ri­lip­dir. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da köp ýyl­lar­dan bä­ri ula­nyl­ýan “John Dee­re” we “Case” trak­tor­la­ry hem goý­lup­dyr.
Da­ba­ra­da il­çi Mett­ýu Kli­mow çy­kyş edip, ýur­duň mil­li baý­ra­my­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da bel­läp geç­di. Şeý­le hem ol ABŞ bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ba­ra­da gür­rüň edip, ge­çen 31 ýy­lyň do­wa­myn­da en­çe­me ugur­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.
Ol ABŞ-nyň Türk­me­nis­tan­da ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň di­kel­dil­me­gi, ma­ýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi, ylym-bi­lim hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Da­ba­ra­da türk­men ta­ra­pyn­dan çy­kyş eden Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň adyn­dan ABŞ-nyň hal­ky­ny mil­li baý­ra­my bi­len gut­la­dy.
R.Me­re­dow öz ge­ze­gin­de Türk­me­nis­tan bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­de türk­men-ame­ri­kan işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň go­şan­dy­nyň ulu­dy­gy bel­le­ni­lip, hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň yzy­gi­der­li sa­par­la­ry­nyň gu­ral­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Şeý­le hem R.Me­re­dow ylym-bi­lim ul­ga­myn­da alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Da­ba­ra­da myh­man­la­ra hö­dür-ke­rem edil­di, şeý­le hem şu gün­ler ýur­du­myz­da bol­ýan ame­ri­ka­ly meş­hur aý­dym­çy we sa­zan­da Jeff­ri Stil öz aý­dym­la­ry bi­len bu ýe­re ge­len­le­riň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dyr­dy.
Şu gün – 8-nji iýul­da aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň «kant­ri» žan­ryn­da çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bel­li aý­dym­çy Jeff­ri Stil sa­gat 19:00-da paý­tag­ty­myz­da­ky Mu­kam­lar köş­gün­de kon­sert be­rer.