ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alsgeýmer keseliniň ösüşini haýallatmaga mümkinçilik berýän ilkinji derman serişdesi bolan “Lekanemabyň” (täjirçilik ady Leqembi) ulanylmagyny gutarnykly tassyklady. Bu barada edaranyň metbugat üçin beýanatynda habar berilýär.