Her ýy­lyň 11-nji iýu­ly Bü­tin­dün­ýä ilat gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Bu se­ne­de dün­ýä ila­ty ba­ra­da mag­lu­mat­lar ýaý­ra­dyl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä ila­ty ge­çen ýyl 8 mil­liard­dan geç­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä ila­ty 1999-njy ýyl­da 6 mil­li­ar­da, 2011-nji ýyl­da 7 mil­li­ar­da, 2022-nji ýyl­da 8 mil­li­ar­da ýet­di. BMG-niň Ilat gaz­na­sy­nyň (UNF­PA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Ýer ýü­zü­niň iň köp ilat­ly ýur­dy Hin­dis­tan ha­sap­lan­ýar. Şu ýyl Hy­taý­dan öňe ge­çen bu ýur­duň 1 mil­liard 428 mil­li­on 600 müň tö­we­re­gi ila­ty bar. Hy­ta­ýyň 1 mil­liard 425 mil­li­on 700 müň, üçün­ji orun­da­ky ABŞ-nyň 340 mil­li­on ila­ty bar. Dün­ýä­de er­kek­le­riň or­ta­ça ýa­şy 71, aýal­la­ryň­ky 76. Ilat gaz­na­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ilat esa­san 8 ýurt­da has köp ar­tar. Bu ýurt­lar – De­mok­ra­tik Kon­go Res­pub­li­ka­sy, Mü­sür, Efio­pi­ýa, Hin­dis­tan, Ni­ge­ri­ýa, Pa­kis­tan, Fi­lip­pin­ler we Tan­za­ni­ýa. Bu ýurt­lar 2050-nji ýy­la çen­li dün­ýä­dä­ki ilat ar­ty­şy­nyň ýa­ry­sy­ny eme­le ge­ti­rer.
Ge­çen ýyl­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ýer ýü­zü­niň ila­ty 2030-njy ýy­la çen­li 8,5 mil­liard, 2050-nji ýyl­da 9,7 mil­liard, 2100-nji ýyl­da 10,4 mil­liard bo­lar.
Ilat art­ýar, ar­tyş ha­ýal­la­ýar
Dün­ýä­de ilat art­ýan hem bol­sa, ar­tyş tiz­li­gi­niň ýu­wa­şa­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Mag­lu­mat­lar­da adam öm­rü­niň uza­ma­gy bi­len ilat ar­ty­şy­nyň do­wam ed­ýän­di­gi, şeý­le-de bol­sa, ça­ga dog­ru­my­nyň pe­se gaç­ma­gy bi­len ar­tyş tiz­li­gi­niň pe­sel­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Hal­ka­ra mig­ra­si­ýa dün­ýä­niň kä­bir ýe­rin­de de­mog­ra­fik üýt­geş­mä we ila­tyň se­bit­le­re gö­rä ýer­leş­me­gin­de esa­sy se­bäp bol­ma­gy­na gal­ýar.
Dün­ýä­niň kä­bir ýur­dun­da ilat azal­ýar. Bir­nä­çe ýyl­lap dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­ta­ýyň gu­ry ýer bö­le­gi­niň 2021-nji ýyl­da 1 mil­liard 412 mil­li­on 600 müň ýa­şaý­jy­sy bo­lan bol­sa, ge­çen ýyl bu gör­ke­zi­ji 1 mil­liard 411 mil­li­on 800 mü­ňe dü­şüp­dir. Şeý­le­lik­de 2022-nji ýyl­da Hy­taý­da iň az ça­ga dog­lan ýyl bo­lup­dyr. Şu ýyl­dan baş­lap ýur­duň ila­ty­nyň azal­ma­gy­nyň do­wam edip, 2050-nji ýyl­da 1 mil­liard 317 mil­lio­na düş­jek­di­gi mä­lim edil­di. Asy­ryň ahy­ryn­da bol­sa, ýur­duň ila­ty­nyň 766 mil­lio­na çen­li azal­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Ila­ty azal­ýan ýurt­la­ryň bi­ri hem Ýa­po­ni­ýa. 2020-nji ýyl­da 126,1 mil­li­on ila­ty bo­lan ýurt 2056-njy ýyl­da 100 mil­li­on­dan az ilat­ly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şu­lar.
Bol­ga­ri­ýa­nyň Mil­li sta­tis­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň ila­ty soň­ky ýyl­lar­da 11 gö­te­rim aza­lyp­dyr. 2007-nji ýyl­dan soň­ra 2,5 mil­li­on tö­we­re­gi ýa­şaý­jy beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na gö­çüp­dir. Ýurt­da ça­ga dog­lu­şy hem azal­ýar.
Ser­bi­ýa­nyň Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň ge­çen ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ge­çi­ren ilat ýa­zu­wy­na gö­rä, ilat 2011-nji ýyl­dan bä­ri 6,9 gö­te­rim aza­lyp, 6 mil­li­on 690 müň 887 bo­lup­dyr.