Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) Baş sek­re­ta­ry Sul­tan Ra­ýe­we bu gu­ra­ma­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.
“Ge­çen döw­rüň için­de Türk­me­nis­tan bi­len TÜRK­SOÝ-yň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Bi­ziň hyz­mat­daş­ly­gy­myz umu­my ta­ry­hy, ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry bo­lan tür­ki halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry, oňyn hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­me­giň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Türk­me­nis­tan gel­jek­de-de TÜRK­SOÝ bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­di­rer” diý­lip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ha­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, je­nap Sul­tan Ra­ýe­we we Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň iş­gär­le­ri­ne berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.